×

Местонахождение завода

 

Производство гвоздей в Туркменистане
Реализация пассажирских и грузовых лифтов

ÖNÜMÇILIK

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda “Asuda Türkmen” hojalyk jemgyýeti tarapyndan gurluşyk çüýleri çykarylyp başlady. Zawodyň işiniň başynda öndürilýän önüme telekeçiler tarapyndan uly gyzyklanma döredi. Önümler Türkmenistanyň dürli pudaklarynda talap edilýär. Olar gurluşyk pudagynda giňden ulanylýarlar.

Gurluşyk çüýleri ýaşaýyş we önümçilik binalaryň, gurluşyk opalubkalaryň  gurluşygynda we üçekler gurylanda  giňden ulanylýar.
“Asuda Türkmen” hojalyk jemgyýetiniň işgärleriniň, operatorlarynyň, inženerleriň ähmiýetli meselesi hem – gurluşyk çüýleriň önümçiligini kämilleşdirmek, diňe watançylyk däl, eýsem daşary ýurtly alyjylardan talap has hem ýokarlanýar. Owgan, özbek, gyrgyz we kazak söwda wekilleri önümleriň uly partiýalaryny alýarlar. Bu ugurda tutuş topar işleýär.

Kärhana Russiýa we Hytaýda öndürilýän döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan. Enjamlaryň gurnamasyny we işlediş-sazlaýyş işlerini öndüriji kärhananyň daşary ýurt inženerleri geçirdiler. Indi bolsa, daşary ýurtdan getirilýän ýokary hilli polady ulanmak bilen topar import çalşyrmanyň çäklerinde bäsdeşlik edip bilýän önümleri öndürmäge başlady.

Başlangyç tapgyrda täze önümçiligiň taslama güýji aýda 200 000 kg gurluşyk çüýleri we ýylda 2400 tonna çüýleri öndürmäge hasaplanandyr.

Hojalyk jemgyýeti aşakda görkezilen diametrda gurluşyk çüýlerini öndürýär:
1.8*32
2.0*40
2.5*50
2.5*60
3.0*70
3.0*80
3.5*90
4.0*100
4.0*120

ВВЕРХ